المدة الزمنية 53:20

Akyl giňişligi 2020_täze sezon_I-oýUn TDMugI vs HYYweÖU Turkmenistan Ýaşyk zehin bäsleşigi talyplar.

بواسطة Akyl giňişligi
4 877 مشاهدة
0
124
تم نشره في 2020/03/23

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen S.Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty bäsleşigin täze sezonynyň I-duşuşygynda bäsleşdiler. Çekeleşikli we gyzykly bäsleşik boldy. Garaşylmadyk ýagdaýlar we täsirli sowallara geň galdyryjy jogaplar bäsleşigiň täze möwsüminiň birinji sanynda hem ýeterlik boldy. Mähriban watandaşlar bu zehin bäsleşigi siziň üçin hem peýdaly bolýandyr diýip umyt edýäris. We bäsleşigiň her gezekki sanyny YouTube kanalymyzda hem goýarys. BIZ DIŇE SIZ BILEN. Size hem şertler düşnikli bolar ýaly düzgünnamadan käbi punktlary goýýarys. 3.1. Berlen dogry jogap üçin topar kesgitlenen utuk sanyny alýar. Utuk sanyny hasaba almagyň has giňden ýaýran usuly indiki iki punktda ýazylan. 3.2. Göterimsiz oýun usuly boýunça her bir dogry jogap üçin topar 1 utuk alýar. 3.3. Göterimli oýun usuly boýunça indiki şertler ullanylýar: • Duşuşygyň birinji sowalyna berlen dogry jogap üçin topara 1 utuk berilýär. • Indiki beriljek dogry jogaplara goýuljak göterim sany ozalky sowallaryň netijelerine bagly bolýar. • Eger ozalky sowala dogry jogap berlen bolsa, onda şu wagtky sowalyň dogry jogaby üçin 1 utuk berler. • Eger ozalky berlen sowala iki topar hem nädogry jogap beren bolsa, onda şu wagtky berlen sowal üçin utuk adatdakydan 1 utuk köp berler. 4.1. Haýsy toparyň ilki jogap bermelidigini anyklamak üçin ýörite enjam ulanylýar. Akyl ulgamynyň funksiýalary indiki punktlarda beýan edilýär. 4.2. Berlen sowaly pikirlenmek üçin, berlen wagtyň başlanandygyny kesgitlemek üçin “Akyl ulgamy” ses ýa-da yşykly duýduruş bermeli. 4.3. Berlen sowaly pikirlenmek üçin, berlen wagtyň tamamlanandygyny kesgitlemek üçin “Akyl ulgamy” ses ýa-da yşykly duýduruş bermeli. Berlen wagty tamamlanmaly wagtyndan öň toparlar tarapyndan “Akyl ulgamynyň” ýörite düwmesini basyp saklamasalar, onda “Akyl ulgamy” wagtyň gutarmagyna 5 sekunt galanda her sekuntda duýduruş ses bermeli. 5.1. Sowal berilmezinden öň döredijilik topary akyl ulgamyny başdaky ýagdaýyna getirmeli. 5.2. Alyp baryjynyň “X-belgili sowal” sözi, sowal bermekligiň başlanandygyny aňladýar. 5.3. Sowalyň belgisi yglan edilenden soňra alypbaryjy sowalyň özüni okar. Haçanda sowaly okamaklyk tamamlananda alypbaryjy “wagt gitdi” diýen şertli sözini aýdýar we bu şertli sözden soň döredijilik topary akyl ulgamyny işe girizer. “Wagt gitdi” diýen şertli sözi bilen akyl ulgamynyň işe girizilmeginiň arasy 3 sekuntdan ýokary bolmaly däl. 5.4. Berilýän sowala iki toparyň hem jogap bermäge hukugy bar. 5.5. Eger bir topar akyl ulgamynyň işe girizilmeginden öň alypbaryjy sowaly okaýan wagty düwmäni bassa (bu ýagdaý “düzgünden çykmak” (folstart) diýlip atlandyrylýar), onda bu topar şu sowala jogap bermek hukugyny ýitirýär we düwmä basýan agzasy bäsleşikden çykarylýar. 5.6. “Akyl ulgamy” işe girizilenden soňra pikirlenmek üçin wagt hasaplanyp başlanar. Bu wagt laýyk 60 sekunda deňdir. 5.7. Eger bir topar pikirlenmek üçin berlen wagtyň dowamynda düwmäni bassa, onda ol topar jogap bermeklik üçin şeksiz hukuk alýar. Bu ýagdaýda döredijilik topary akyl ulgamynyň wagt hasaplamasyny saklanan wagtynda togtadýar. Netijede akyl ulgamy beýleki düwmä basmagy diňe akyl ulgamynda hasaba alynýar we degişli hereket bilen dowam edilýär. Ýagny eger wagty ilki saklan topar dogry jogap berse indiki sowala geçilýär, nädogry jogap berse, onda beýleki topar şol wagtda düwmäni basmak arkaly jogap bermäge mümkinçilik alýar. 5.8. Eger pikirlenmek üçin berlen wagtyň 00 ýa-da 01-nji sekundynda düwmäni bassa, onda topar hökmany suratda dogry jogap bermelidir, eger nädogry jogap berse, onda jogap beren agza bäsleşikden çykarylar we beýleki topar pikirlenmek üçin berilýän wagty doly ulanyp jogap bermäge mümkinçilik alarlar. 5.9. Jogap bermäge mümkinçilik alan topar haýal etmän agzalarynyň arasyndan kimiň jogap berjekdigini kesgitlemeli. Dowamlylykda toparyň toparbaşysy kimiň jogap berýändigini alypbaryja aýtmaly. Jogap berýän agza haýal etmän jogap bermeli. Jogap berlip, alypbaryjy jogaby kabul edýänçä toparyň beýleki agzalary ümsümligi berjaý etmeli we hiç-hili täsir etmeli däl. 5.10. Eger topar 5.9 punktyň haýsydyr bir şertini bozsa, onda onuň beren jogaby gönüden-göni nädogry diýlip hasaplanýar. Düzgün bozma fakty alypbaryjy tarapyndan hasaba alnyp yglan edilýär. 5.11. Eger topar dogry jogap berse, bu sowal boýunça döw (raund) tamamlanýar.

الفئة

عرض المزيد

تعليقات - 38